Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabry – 1-nji oktýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Barselona şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahatyna (MONDIACULT-2025) gatnaşýar. Maslahatyň esasy maksady geljekki onýyllyklar üçin medeni syýasatyň ösüşiniň strategik ugurlaryny işläp taýýarlamakdan hem-de medeniýeti durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri hökmünde post-2030 ählumumy gün tertibine ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bütindünýä maslahat her dört ýylda bir gezek geçirilýär we medeni syýasat ulgamynda dialog we hyzmatdaşlyk üçin öňdebaryjy halkara meýdança bolup hyzmat edýär. Maslahata ÝUNESKO agza döwletleriniň, assosirlenen agza ýurtlaryň we gurama agza bolmadyk ýurtlaryň wekilleri, şeýle hem BMG ulgamynyň edaralarynyň, hökümetara we halkara hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň «MONDIACULT-2025» maslahatyna gatnaşmagy ählumumy medeni gün tertibini kemala getirmäge we medeniýet hem-de durnukly ösüş babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge mynasyp goşant boldy.