Şoňa görä-de, ähli ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň hem-de abadançylygymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlyk gününe beýik baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýär. Özbaşdak türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramymyza bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Garaşsyz döwletimiziň baş baýramy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna döwlet Baştutanlaryndan, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan hem-de jemgyýetçilik wekillerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Bu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzy köp sanly döwlet Baştutanlary — Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan hem-de beýleki syýasy we jemgyýetçilik wekilleri mähirli gutladylar.