Harby gullukçylara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär.